«Türkmen-Kalkan» türkmen-türk bilelikdäki aýakgap kärhanasy, Türkenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky PB-1396 belgili buýrugy esasynda, Hojalyk Jemgiýeti görnüşinde döredilen.
Kärhanada döredilen ýylyndan bäri Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edraralarynyň sargydyna laýyklykda, şeýle-de raýatlar üçin sport we model, dürli görnüşdäki aýakgap önümleri öndürilýär.
Aýakgap önümçiligine ýöriteleşen kärhanada dürli görnüşdäki aýakgaplary öndürmek üçin Russiýanyň, Çehiýanyň, Türkiýäniň we Germaniýanyň aýakgap enjamlary oturdylan.
«Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasy Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Änew şäherçesiniň «Halklaryň dostlugy» köçesiniň 24-nji jaýynda ýerleşýär.
Kärhana, raýatlar üçin sport we model, dürli görnüşdäki öndürilen aýakgap önümlerini Aşgabat şäheriň Oguzhan köçesiniň 3-nji jaý salgysynda ýerleşýän kärhana degişli bolan «TG aýakap» söwda dükanlarynda şeýle hem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda giňişleýin söwdany ösdürmek maksady bilen internediň üsti bilen söwda amala aşyrmak, internet-onlaýyn hyzmatynyň satylmagy-da ýola goýulan.
Kärhana aýakgap önürmeklik üçin Marynyň hem-de Gökdepe gön zawodlarynyň gön çig mallary bilen, şeýle hem galan çig mallaryny Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrligine degişli bolan «Türkmendokma» DSK-sy tarapyndan üpjün edilýär.
Leather Mens Slipper
1 × £69.99
Quickiin Mens shoes
1 × £20.00
Subtotal:£89.99
View cart Checkout